Sagdyn köşekleri almagyň aladasy

18 Fewral 2021
1707

Bäherden etrabynyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda düýe mallarynyň önümliligini ýokarlandyrmakda we başsanyny artdyrmakda ýylyň-ýylyna guwandyryjy görkezijilere eýe bolunýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň giňden belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hojalygyň sarwanlary yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar şu günler düýeleri gyşdan abat alyp çykmak üçin döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen bir hatarda, mallardan köşek almak möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly barýarlar.

«Gultakyr», «Gyzyltakyr», «Çerkezli», «Güdekli» ýaly ýaýlalarda bakylýan mallary orta we ýokary semizlikde, dok we ýyly gyşlatmakda sarwanlaryň edýän yhlasy ýerine düşýär. Ol ýerlerde çopan toparlarynyň 48-si işlerini birkemsiz alyp barýar. Goçmyrat Gazakow, Bäşguly Myratnyýazow, Baýrammyrat Çopanow ýaly sarwanlaryň atlary göreldelileriň hatarynda agzalýar. Üstümizdäki möwsümde ene düýelerden köşegiň 655-sini almagy meýilleşdirýän maldarlar düýeleri dok we ýyly gyşlatmagyň hem-de olardan sagdyn köşek almagyň aýratynlygy, şeýle-de düýedarçylygyň inçe syrlaryny ýaş çopanlaryň hem içgin bilmegi üçin olara kömek-goldawlaryny, maslahatlaryny gaýgyrmaýarlar.

Muhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.