Ene — Käbe (durmuş pursatlary)

16 Fewral 2021
2385

Ajap eje pejiň başynda basyrylgy duran gök çaýy öňüne çekdi-de dokuz ýaşyndaky agtyjagyna ýüzlendi: «Senem jan, jigiň uklan bolsa, gel gyzym bileje çaý içeli, günem eýýäm günorta bolup barýar. Guşluk çaýyny içmesem bir zat ýetmeýän ýaly» — diýip, ýanyp duran içi ojar közli pejiň golaýjagyna süýşdi. Soň ýene-de öz-özi bilen gürrüňini dowam etdi:

—Bu gudraty diýseňizläň. Tomsuň jokrama yssysy bolsun, aňzak gyşyň sowugy bolsun çaý diýilýän zadyň lezzetini hiç bir zat bilen deňär eder ýaly däl. Içine-de öz tenekar topragymyzda biten çopantelpekdir ýandak güli, narpyzdyr käkilik oty dagy ataýsaň-a bar onsoň, tüýs janyňa şypadyr — diýip, Ajap eje göwnühoşluk bilen öňünde duran çaýly käsesine bir tokgajyk nabat oklady.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».