Poeziýanyň belent şahasy

15 Fewral 2021
1316

Şu kiçijik ýazgyny ýazyjy dostum Amanmuhammet Nepesiň beren gürrüňlerinden başlasym gelýär...

...Bahar aýlary sähranyň meňzine elwan gülleriň nur bolup çaýylýan döwri. Bu gün dürli güllerden nagyş çekilen, howasy jana tenekar bolup duran ýaýlanyň goýnuna guş bolup gonduk. Töwerege hyrydar göz bilen nazar aýlamda, degresi buzgunç ysly keteniniň gyrasy ýaly sarymeňiz çopantelpek bilen gurşalan, biziň düşlän ýerimiziň sesýetim ileri ýanyndaky gyzyl çog gülälekli depäniň üstünde ýeke özi oturan ak köýnekli kişä gözüm düşdi. Ol Gün öýläne sanyp, gaýtmakçy bolanymyzda-da şol oturan ýerinden gozganmandyr.