Ýerler eýelerine gowuşýar

15 Fewral 2021
1613

Daýhan ýere, suwa ähli ukybyny, yhlasyny siňdirýär. Hyzmaty ýetirilen ýer şoňa görä-de hasyl eçilýär. Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden çykyşynda obasenagat toplumynyň işini üýtgedip guramagyň anyk ýollaryny salgy berip, bu babatda möhüm teklipleri hödürledi. Şol teklipler esasynda Halk Maslahatynda kabul edilen kararlar oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylmaly işleri anyk kesgitledi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Lebap welaýatynda hem bu ulgamda uly işler durmuşa geçirilýär.

Welaýatda, ilki bilen, oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy döredilip, ol hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky degişli Karary bilen tassyklandy. Ýeriň gadyr-gymmatyna gowy düşünýän daýhanlar bu ýerleri 99 ýyllyk möhlet bilen kärendesine aldylar. Ýere eýeçilik etmegiň bu usuly gowy netijesini-de berip başlady. Milli Liderimiz geçen ýylyň 30-njy noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Pudakda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmak maksady bilen, daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynyň 40 müň 677 gektary döwletiň ýer gaznasyna geçirildi. Ony hususyýetçilere, isleg bildirýän ildeşlerimize bölüp bermek işine-de günübirin girişildi. Netijede, döwlet ýer gaznasyndaky ýerleriň köp bölegi degişli adamlara berkidildi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».