Bagtyýarlyk ganat berýär kalplara

14 Fewral 2021
1344

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ähli ugurlar babatda beýik ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan Watanymyzyň şeýle beýik hem dowamly ösüşlerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasydyr, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe etdi. Bu sene adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan demokratik döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň durmuşynda täze eýýamy açdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Zemin içre abraýyny arşa göterdi.

Gülnar KÖMEKOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň öwreniji mugallymy.