Daşky gurşaw bilen bagly wezipeler

10 Fewral 2021
2084

XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap bütin dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ýitileşmegi milli hem-de halkara derejesindäki çözgütleri talap edip, bu meseleleriň çözülmeginde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Geçen on ýyllyklaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri biziň häzirki we geljek nesillerimiziň ilatyň çendenaşa köpelmegi, ekişe ýaramly ekin meýdanlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, arassa agyz suwunyň we azyk önümleriniň ýetmezçiligi, tebigy baýlyklaryň aşa köp ulanylmagy, howanyň ählumumy üýtgemegi we beýleki meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini görkezdi.

1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda taryhda ilkinji gezek daşky gurşawyň meselelerine bagyşlanan ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahat daşky gurşawyň meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi we olaryň oňyn çözülmeginiň diňe ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy arkaly mümkin boljakdygyny subut etdi. Daşky gurşaw boýunça birinji ählumumy maslahatda döwletler daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ählumumy meselelerdigi babatda ylalaşdylar. Şunlukda, 1972-nji ýyldan başlap ekologiýa diplomatiýasy diýen düşünje peýda boldy. Häzir ekologiýa meseleleri milli we halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibiniň iň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. BMG-niň daşky gurşaw boýunça ählumumy maslahaty ekologiýa diplomatiýasynyň kemala gelmeginde we bu ugur boýunça alnyp barlan işleri işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Gapbar HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.