Parahatçylyk energetikasy, hoşniýetli goňşuçylyk diplomatiýasy

8 Fewral 2021
1420

Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyk dörediji orny halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy fewralda «Taliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen Aşgabatda geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Ozaly bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de bu hereketiň wekilleri tarapyndan resmi taýdan goldanylan düzümleýin halkara taslamalara gatnaşyjy ýurtlar gyzyklanmalaryny beýan etdiler, bu barada türkmen paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň jemleýji resminamasynda beýan edildi.

(TDH).