Umytda boluber(gülküli kyssa)

4 Fewral 2021
1444

Bir gün tanymal ýazyjy nähoşlady. Ony eşiden ýaş galamdaşlarynyň biri görmäge geldi. Nähoşlan ýazyjy ýaş galamdaşynyň gelenine hoş bolup, birneme dikeldi. Tirsegine galyp oturdy. Olar çaý başynda döredijilik, durmuş barada kän gürrüň etdiler. Gürrüňçiligiň arasynda ýaş ýazyjy halypa ýazyjynyň göwni üçinmi ýa-da çynymy, garaz, onuň döredijiligi barada uly göwrümli makala ýazmagy hyýal edenini ýaňzytdy. Ençe wagt bäri eser döredip, şolar bilen il-halkyň hormatyna mynasyp bolanam bolsa, özi hakda ýazylan makalany bir gezegem okap görmedik ýazyjynyň ýaş galamdaşynyň sözlerine has-da göwni galkdy. Onuň ýazjak zatlaryny okap görmek höwesi döredi. Şol günden soň ýaş ýazyjynyň tanymal ýazyjynyň ýanyna birki ýola gatnap, özüne gerek maglumatlaryny belleşdirip gitmegi onuň höwesini has-da artdyrdy.

Hassa ýatan ýazyjy özi hakda oňat makalanyň ýazylaryna umytda bolup, her günki gazetleri gözden geçirip başlady. Ol näçe garaşsa-da, gazet-žurnalda özi hakda ýazylan makala gözi düşübermedi. Onda-da arzuw, umyt bir gowy zat, makalanyň ahyrda ýazylaryna ynam bilen garaşdy.

Nurberdi Dädebaýew.