Taryha sarpa

4 Fewral 2021
2898

Türkmen halky özüniň milli däp-dessurlarynyň tapawutlylygy we oňa goýýan sarpasy netijesinde umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň döremegine ähmiýetli goşant goşan milletleriň biri hökmünde tanalýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Bu gün adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy wagyz edýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanylmaga, taryp edilmäge, dünýä ýaýylmaga mynasypdyr» diýip belleýär. Hakykatdan hem halkymyzyň milli däp-dessurlaryndan ugur alýan medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliginde döwrüň galkynyşy, milletiň ruhy aýratynlygy duýulýar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar, ol medeni ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri gorap saklamak boýunça halkara işlerde möhüm orun eýeleýär. Halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmaga esaslanýan şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýyndan başlap, medeni mirasymyzy hem milli däp-dessurlarymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dünýä ýaýmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirildi.

Kerim ATÇAPANOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Adalat».