Saglyk – uly baýlyk

4 Fewral 2021
1353

SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ...

Ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak, öwezini hiç zat bilen dolup bolmajak baş baýlygyň saglykdygy barada, saglygymyzy goramagyň hem ilki bilen özümize baglydygy hakda näçe gürrüň edilse-de, kähalatlarda geleňsizlige ýüz urulmalaryň gabat gelýändigini, bu geleňsizligiň soňunyň howply netijelere getirýändigini bilýäris. Häzirki dowam edýän gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Ýuwnup asla daşary çykmaly däl. Aýakgaplaryňyzy hem ünsden düşürmeli däl. Aýakgabyňyzyň topugyňyzy ýapmagyny, aşagy galyň we suw geçirmeýän görnüşde bolmagyny gazanyň! Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, sagdyn iýmitlenmeli. Iýmit önümlerini maşgala üçin gerek bolan mukdarda taýýarlamaly. Olary ertesi güne galdyrmak maslahat berilmeýär. Täze taýýarlanylan iýmit önümlerini dogry kabul etmeli we sowadyjylarda saklamaly. Gök önümleri we miweleri köpräk iýmeli. Bedeniň gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly. Munuň özi garaşylmadyk iýmit zäherlenmelerinden, gan basyşyň ýokarlanmagyndan we ganyň düzümindäki süýjiniň mukdarynyň artmagyndan gorar.