Rowaýatlar ummanyndan

4 Fewral 2021
1356

HAJ SOGABYNYŇ ÝERINE

Öňde bir garyp adam ýaşapdyr. Onuň Mekgä gidip haj zyýaratyny etmek arzuwy bolupdyr. Emma ol sapara gitse, yzynda çagalarynyň güzerany kyn boljak. Ol bir ulamanyň ýanyna baryp, ýagdaýyny düşündiripdir. Ulama oňa şeýle maslahat beripdir: «Sapara gitmäge ýagdaýyň ýok bolsa, sen iliňe ak ýürekden hyzmat et! Obaňyzda märeke bolanda başarýan işiňi edip, kömek ber! Söhbetdeş bolýan adamlaryň bilen gowy zatlaryň gürrüňini et! Diliň süýji bolsun! Gybatdan daş dur! Gözüň bilen gowy zatlary gör! Erbet zatlara seretme! Hassa adamdan aýak üstünden bolsa-da, habar al! Ymarat gurup, ýadygärlik galdyryp bilmeseň, bag ýetişdir! Bagyň haýyr-sogabyna ýetjek zat bolmaz. Ondan ähli jandarlar peýdalanarlar. Adamlar köp ýyllardan soň hem seni ýatlarlar we alkyş aýdarlar. Çagalaryňy hatly-sowatly, edep-ekramly edip terbiýele! Eneň-ataňy zyýarat edip dursaň, seniň hajyň şolar bolar» diýip, maslahat beripdir.

Kaka KARAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.