Bilimli nesliň aladasy

2 Fewral 2021
1662

Çaga jemgyýetiň aýratyn hukukly bölegidir. Şoňa görä-de ýurdumyzda olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda mekdebe taýýarlygyň hökmanydygy hukuk taýdan berkidilendir. Mekdebe taýýarlyk maşgalada, mekdebe çenli çagalar edaralarynda amala aşyrylýar.

Çagalaryň beýnisiniň ösüş döwründe hem-de geçiş döwründe olara örän seresaply, ünsli we jogapkärçilikli seredilmelidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri bilen orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary çaga terbiýesinde ýakyn gatnaşykda bolmalydyr. Orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň sapaklaryna ýygy-ýygydan gatnaşyp, geljekde özlerine okamaga geljek körpeler bilen, olaryň bilim derejesi, terbiýesi, häsiýeti bilen tanyşmalydyr. Terbiýeçiler bolsa başlangyç synplaryň sapaklaryna ýygy-ýygydan gatnaşyp, çagalar bagynda terbiýelenen çagalaryň bilim derejelerini ösdürişleri, özlerini alyp baryşlary bilen gyzyklanyp durmalydyr.

Täzegül MYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.