Döwrebap usullardan peýdalanýarys

1 Fewral 2021
1463

Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Milli Liderimiziň: «Bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda gazanylýan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny ösdürmelidiris. Bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmelidiris» diýen pähim-paýhasly sözlerinden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary talyplara bilim bermekde döwrebap usullardan peýdalanýarlar. Talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ündeýän wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarlar. Olarda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyna esaslanyp, ýaşlaryň watansöýüji, ylymly-bilimli, sagdyn hem-de ruhubelent bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň, şeýle-de üzärlik tüssesiniň peýdasy düşündirilýär. Mekdebimiziň okuw sapaklary geçilýän otaglarynda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başlangyç hünär okuw mekdebimizi üstünlikli tamamlan ýaşlaryň ýurdumyzyň oba hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekmegi bizi has-da buýsandyrýar.

Azatmämmet ESENOW,
Bereket şäherindäki 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy.