Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler
Gahryman Arkadagymyz döwletiň we jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge, dünýädäki täzelikleri, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny nazarlamak bilen, olary işjeň ösdürmäge ýardam edýän täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işi ilerletmegiň möhümdigini hemişe üns merkezinde saklaýar. Kabul edilen kanunçylyk resminamalary, halkara ülňülerini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň anyk ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Şunda halkara derejesinde toplanan tejribelerden we ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan ugur alynýar.