Parahatçylyk döwrümiziň gahrymany

1 Fewral 2021
2359

Emin Wepaýew Mary şäherindäki 1-nji kömekçi mekdep-internatyň 4-nji “A” synpynda okaýar. Ol sapaklaryna oňat ýetişip, synpdaşlary we beýleki toparyň okuwçy çagalary bilen hem dostlukly gatnaşyp, özüniň üýtgeşik çaga ýylgyryşy bilen mugallymlaryň söýgüsini gazandy we olaryň ýakyn kömekçisine öwrüldi.

...Gyşky dynç alyş günleriniň iň soňky günüdi. Ol gün Eminiň kakasy öýlerine täze alan demir gapysyny getiripdi. Ýöne ony dakmaly ussa käbir sebäplere görä, wagtynda gelip bilmändi. Täze demir gapy bolsa diwara söýelgi durdy.