Uzak ülkedäki tagam (Muny bilmek gyzykly)

29 Ýanwar 2021
3330

Italiýanyň adamlary, ýaşaýyş şertleri, esasan hem, tagam aýratynlygy özüne çekijidir. Mysal üçin, Italýan aşhanasynda inçe, ýuka ýaýylan içi dürli hurşy ýetirilen gutaplar we kesilen hamyrlar, täze aşlar, hamyrmaýaly çörekler, gök önümli çorbalar, tüwüli tagamlar uly islegden peýdalanýar. Aşpezler her gün diýen ýaly undan tagam taýýarlamak işine girişende, ilki başda çörek, galyberse-de, ondan taýýarlanylýan dürli önümleri esasy iýmitiň hatarynda goýýarlar.

Tagam babatynda Italiýa oýlap tapyjylaryň mekany hasaplanylýar. Dünýä aşhanasynyň «eýesi» hökmünde onda ýer edinmegi başaran italýanlar pissa, çorba atylýan köp görnüşli aş tagamlarynyň baryny diýen ýaly oýlap tapypdyrlar. Un bilen çörege ýykgyn bolan halk hamyr tagamlarynyň hakyky söýerleridir. Eger pissa hakynda gürrüň etmeli bolsa, onda oňa örän gabanjaňlyk bilen garaýandyklaryny bellemeli. Hatda 1984-nji ýylda bu tagamyň taýýarlanyş usulyny gizlin we hilini gözegçilikde saklamak üçin ýörite birleşik hem döredipdirler. Tagamyna laýyklykda, bu ýerde pissanyň 2000 -den gowrak ady bolup, şolardan margaritda we marinara atlysy nusgawy görnüşleri hasaplanylýar.

Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.