(«Söýgi depderi» atly liriki hekaýalar toplumyndan)
(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň 2020-nji ýyldaky 7-nji sanynda)
Men köpden bäri kalbymyň ýaşlyk ýyllaryndan eşidilýän ýaňlaryna diň salyp ýaşaýaryn hem-de «Olary şu gün kagyza geçirerin, ertir ýazaryn» diýip, hernäçe howluksam-da, gündelik arzuwlarymyň üstünden eýýäm ýarym asyra golaý wagt geçip gidipdir. Yöne, näme üçindir, juwanlyk duýgularyna ýugrulan köne yşky owazlar meni özüne şo-ol çekdi durdy, çekdi durdy. Göýä, ol owazlarda kalbymy lerzana saljak nähilidir bir bendiwan ediji pursatlar gizlenip ýatan ýaly. Ol sesler «Gel, sen, Aýjemal!» diýen aýdymyň: