Bir gün Soltansöýün öz wezirlerini ýygnap, özüne daşdan telpek tikip bermeklerini buýrupdyr. Wezirler näme etjeklerini bilmän, köp gamgyn bolupdyrlar. Olaryň biri Myrala ýüz tutmagyň gerekdigini aýdypdyr. Ol mysapyrsyrap, Myralynyň ýanyna barypdyr. Oňa bolan wakany gürrüň berip:
— Indem näme etjegimizi bilemzok, özüň kömek edäýmeseň. Ýeri, daşdan nädip telpek tikip bolar?! — diýip sorapdyr.