Kenary sapaly suwy şypaly "Altyn köl"

26 Ýanwar 2021
2497

Pederlerimiziň «Ýagşyny görmek — jennet» diýen pähimi Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda many-mazmun taýdan has-da baýlaşyp, döwrebap derejede öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amal edilýän işleriň her biriniň netijesi görmegi arzuwladýan ajaýyp işlerdir. Şolaryň hatarynda kenary sapaly, suwy şypaly «Altyn köl» hem bar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda dynç alyş düzümine degişli täze desgalar toplumy açylypdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, bu köl «Altyn köl» diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň demirgazygynda ilatyň ýokary derejede dynç alşyny guramagy üpjün etmäge gönükdirilen diňe bir görmäge däl, eýsem, wasp etmäge-de mynasyp täze dynç alyş zolagy döredildi.

Gurbangeldi MAŞADOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň talyby.