Özara hyzmatdaşlygyň täze basgançagy

24 Ýanwar 2021
1818

Parahatçylyk, dost-doganlyk, birek-birege ynam hem-de hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelere eýerip, hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda göwher monjugy deýin biri-biriniň yzyndan düzülip gelýän günlerdir aýlarymyz il-ýurt bähbitli taryhy, syýasy möhüm wakalara, ýakymly hoş habarlara beslenýär.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýene bir ýola dünýäniň belentligine galdyran şeýle möhüm wakalaryň biri hem geçen hepdäniň penşenbe güni merjen paýtagtymyz Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde barlamak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda iki dostlukly ýurduň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi bilen birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edildi.

«Bereketli toprak».