Sanly bilim — täze mümkinçilikler

22 Ýanwar 2021
1604

Gülläp ösýän Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda edilýän aladalar halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýar. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller baradaky alada hem döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hojamyrat MYRADOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.