Bilim — ösüşleriň binýady

21 Ýanwar 2021
1718

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelýän aň-düşünje, ruhy-ahlak, pelsepe ýörelgeleri ylmy esasda öwrenilýär, ösdürilýär. Ýurdumyzda bu günki gün mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň sany ýyl-ýyldan artyp barýar. Bilim ojaklarynda okaýan ýaşlara dünýä ülňülerinde bilim bermek ýola goýuldy. Ýaş nesliň göwnejaý bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda bilim ojaklarynda okatmak we öwretmek işleri täze tehniki serişdeleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa sapagyň täsirli, hiliniň ýokary bolmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ylym-bilimiň ösüşine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynyň işini maksadalaýyk kämilleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde dünýä tejribesiniň gazananlaryna, innowasiýalara, ýokary tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman, döwrebap bilim ojaklary emele getirildi. Ýurdumyzyň ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Okuwyň guralyşyny kämilleşdirmek maksady bilen sanly ulgama geçilýär. Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýä dillerini suwara bilýän nesil kemala gelýär. Bu babatda ýaş nesle daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmek işi häzirki zaman döwrebap usullarda, dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».