Türkmeniň maşgala adatlary hakynda dünýäniň alymlary şeýle mahabatlandyrýarlar

21 Ýanwar 2021
4237

Türkmen milleti täsin taryhy bilen, geçmişde diňe bir türkmen taryhçylarynyň däl, hatda dünýäniň alymlarynyň hem ünsüni özüne çekipdir. Türkmen topragyna onlarça jahankeşdeler syýahat edip, öz ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Daşary ýurtly alymlaryň we syýahatçylaryň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy barada maglumat berýän ençeme eserleri bar. Türkmen gelin-gyzlary, olaryň maşgaladaky we jemgyýetdäki orny, egin-eşikleri, şaý-sepleri, dokan halylary, el işleri daşary ýurtly alymlaryň we syýahatçylaryň, şol hatarda britan syýahatçylarynyň hem ünsüni özüne çekipdir. Olaryň işleriniň aglaba böleginde Merkezi Aziýa sebitinde türkmen zenanlarynyň maşgalada hem-de jemgyýetde uly orna we derejä eýedigini haýran galmak bilen belläpdirler. 1844-nji ýylda türkmen topragynda bolan britan syýahatçysy Jon Ferriýeriň ýazmagyna görä: «Türkmen zenanlary öý işlerine örän werziş. Olar ekinlere, mallara hem ideg etmäni başarýarlar».

Bu babatda türkmenleriň we Orta Aziýa halklarynyň ruhy medeniýeti barada öz pikirlerini has giňişleýin beýan etmegi başaran Armeniý Wamberi türkmen zenanlary barada: «Hakykatdan hem, türkmen aýallary uly hormata mynasyp, çünki tutuş Gündogarda olar bilen deňleşip biljek päk ahlaklylygyň, maşgala bolan wepalylygyň, irginsiz zähmet çekmegiň beýik nusgasyny görmedim» diýip, öz ýazgylarynda beýan edýär.

Sülgünjemal ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy.