Söz manysy

21 Ýanwar 2021
1456

Temme

Bu söz durmuşda ulanylyşy boýunça soňky döwürlerde könelişip barýar. Şonuň üçinem köp adamlara, ylaýta-da, şäherli ýaşaýjylara bu sözüň manysy düşnüksiz bolmagy mümkin. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» temme barada şeýle ýazylypdyr: «Gapy, derweze we şuňa meňzeşleriň açylmazlygy üçin öňünden, içinden direlip ýa sokulyp goýulýan agaç, kilt». Muňa irki döwrüň janly gepleşik dilinde temme agaç hem diýilýär.

Merjen IŞANKULYÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň mugallymy.