Oňyn döwletara gatnaşyklar ýurtlary we halklary biri-birine has-da ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar

20 Ýanwar 2021
2167

Arkadagyň ak ýoly — bagtyň ýoly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly turuwbaşdan ýatdagalyjy taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşan bu dabaralary iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle-de Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 15-nji ýanwarda welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde açylan «Malaý» gaz gysyjy desga hem Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki ýene bir möhüm waka boldy.

«Esger».