Lukman maslahat berýär

20 Ýanwar 2021
1436

Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny, hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny, süýt, et we şöhlat, konditer, balyk we deňiz önümlerini, ýumurtgany diňe zerur mukdarda almaga endik edinmeli, ylaýta-da, howanyň yssy wagtlary bu endigi berk berjaý etmek hökmandyr.

Harytlaryň sowadyjyda saklanyş düzgünlerini, ýagny, biri-birine täsir edip, adaty düzümini üýtgedip biljek iýmit önümlerini çäklendirip saklamak zerur. Mysal üçin, balyk we süýt önümlerini bir ýerde üsti açyk ýagdaýda saklamaly däl. Satyn alnyp, öýe getirilenden soň, gök we bakja önümlerini, miweleri hökman arassa akar suwuň aşagynda mazaly ýuwmaly, soňra sowadylan gaýnag suw bilen durlamaly, arassa hasanyň üstünde guratmaly we gaba salyp, sowadyjynyň aşaky bölegine ýerleşdirmeli. Süýt we süýt önümleri sowadyjynyň ýokarky böleginde saklanmaly. Ýumurtgalary sowadyjy enjama ýerleşdirmezden öňürti çygly hasa bilen arassalamaly we ulanmazdan öň ýuwmaly. Sowadyjyda saklananda hem önümleriň belgileniş nyşanlarynda görkezilen gyzgynlyk şertlerini berjaý etmeli.