Bagtyýarlygyň girewi

20 Ýanwar 2021
1958

Halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şol tagallalaryň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki şeýle giň gerimli işleri berkarar Diýarymyzy halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekany hökmünde dünýä tanatdy.

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrýandygy bizi diýseň begendirýär. Sebäbi indi sportuň dürli görnüşlerine höwes bildirýän, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerýän ýaşlaryň hatary görnetin artdy. Olaryň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklary aýdyň ýüze çykyp, uly tejribe toplaýarlar. Biziň sport mekdebimizde hem ukyply, başarjaň nesiller terbiýelenýär. Mekdebimiziň ýaşajyk türgenleriniň etrabymyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändikleri buýsandyrýar.

Jumaberdi HOJABERDIÝEW,
Esenguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň tälimçisi.