Haýwanat dünýäsine syýahat

19 Ýanwar 2021
5418

Keýik

Keýik goşatoýnaklylar toparyna, gyn şahlylar maşgalasyna degişlidir. Olar gözel tebigatymyzdan «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» derejesi berlen görnüşleriň biri bolup durýar. Keýik, Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna (TGHB), Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilendir. Olar dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Keýikler, esasan-da, Bathyzda, Garabilde hem-de Sarygamyş çöketliginde has köpräk duşýarlar. Olaryň sürüdäki mukdary durnuksyz bolýar, sebäbi amatsyz tebigy şertler dörände, başga otjumak ýerlere göçüp gidýärler, olar iýmitini çalt üýtgedip bilýärler we tomsuna suwa golaý ýerlerde ýaşaýarlar. Ýaz-tomus ter ot-iým bolanda wagtlaýyn suwsuz oňup bilýärler. Keýikler, esasan, noýabr aýlarynda jübütleşýärler, aprel-maý aýlarynda owlaklaýarlar. Olar ýurdumyzdan gaýry Gyzylgumda, Orta Aziýa ýurtlarynda ýaşaýarlar. Keýikler ýurdumyzdaky dokuz döwlet tebigy we on alty döwlet tebigy çäkli goraghanalar tarapyndan goralýar.

Abadan OMMADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.