Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

19 Ýanwar 2021
1890

Adamzadyň umumy öýi bolan daşky gurşawy, tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdyr. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ösdürmek, kämilleşdirmek, ony nesillerimize asyl durkunda ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmeginde aýdyň şöhlelenýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilde gözel tebigatymyza we onuň baýlyklaryna, daşky gurşawa, ekologiýa söýgi döretmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Men hem iş tejribäme daýanyp, her bir guraýan sapagymda okuwçylarda tebigat, bizi gurşap alýan täsin dünýäniň dürli gözellikleri baradaky düşünjelerini artdyrmak maksady bilen, okatmagyň netijeli usullaryndan — oýunlardan, görkezme esbaplaryndan, gyzykly maglumatlardan peýdalanýaryn.

Akjemal JUMAMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.