Gadymy medeniýetiň gymmatlyklary

18 Ýanwar 2021
3057

Hytaý irki döwürlerden bäri dünýäde ösen medeniýetiň merkezi hökmünde tanalýar. Muňa biziň günlerimize çenli gelip ýeten ençeme gadymy ýadygärlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem «Terrakota goşuny» ady bilen belli bolan hytaý imperatory Sin Şi Huan-diniň ýadygärlikler toplumydyr. Terrakota — gyzylymtyk-goňur reňkli bişirilen toýun bolup, bu gadymy künjekde toýundan ýasalan heýkelleriň örän köpsanlysy tapylýar.

1974-nji ýylyň mart aýynda Sian şäheriniň golaýynda, Lişan dagynyň gündogar böleginiň ýakynlarynda ýerli burawlaýjylar gadymy gubruň üstüni açýarlar. Imperator Sin Şi Huan-dine degişli bolan gubur gündogar tarapa 1,5 kilometre uzap gidýän, daşky diwarlarynyň perimetri 6 kilometre deň bolan giňişlikde ýerleşipdir. Bu ýerde 1978 — 1984-nji ýyllarda birinji, 1985 — 1986-njy ýyllarda ikinji, 2009-njy ýylda bolsa üçünji arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Netijede, arheologlar tarapyndan ýadygärlikler toplumynda bişen toýundan ýasalan esger heýkelleriniň 8000-den gowragy, atlaryň heýkelleriniň 100-si, söweş arabalarynyň şekilleriniň 18-si tapylýar. Atlaryň heýkelleriniň her biriniň agramy 200 kilograma, esger heýkelleriniňki bolsa 135 kilograma ýetip, olar ýasalan wagtlarynda toýun ilki bişirilip, soňra dürli reňkler bilen boýalypdyr. Ýöne ol boýaglaryň reňki wagtyň geçmegi bilen bütinleý öçüpdir. Şeýle hem, her bir adam heýkeliniň ýüzüniň beýlekilerden tapawutlanýandygy alymlary haýran galdyrypdyr. Olaryň daşky keşbini synlanyňda, esgerleriň egin-eşiginiň dürli harby derejelere görä ýasalandygyna göz ýetirmek bolýar.