Süýşýän palma agaçlary

17 Ýanwar 2021
2319

Ekwadoryň tropik tokaýlarynda duş gelýän täsin palma agaçlary her ýylda ösüp oturan ýerinden 20 metr süýşýär. Bu agaç ýaşaýşyny dowam etdirmek we özünden soň nesil galdyrmak üçin günde 2 – 3 santimetr süýşmeli bolýar. Munuň sebäbi hem bu agaç gerek bolan iýmit maddalary köp bolan topraklara tarap hereket edýär. Ýagny, agaç ösüp oturan ýeriniň topragy iýmit maddalaryna garyplaşyp başlanda, kökler başga bir tarapa güýçli ösüp başlaýarlar. Toprakdaky iýmit maddalary agajyň ýaşaýşynyň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin agajyň kökleri mes topraklara tarap hereketlenýär. Şeýlelikde, agaç günde birnäçe santimetr «ýöreýär».

Agajyň sütüni, şahalary we kökleri gyşaryp ösýärler. Köne kökleri topragyň aralaryndan ýuwaş-ýuwaşdan sogrulyp, ösüp barýan köklere tarap hereket edýärler. Olara Gün şöhlesine we iýmit maddalaryna baý toprakly ýerlere baryp ýaşamak üçin birnäçe ýyl gerek bolýar. Şonuň üçin hem bu süýşýän palma agaçlary ösümlikler dünýäsinde hereketleri bilen bellidir.

Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.