Zirk

17 Ýanwar 2021
3323

Bereketli topragymyzyň özboluşly tebigat gözelligi, baý ösümlik dünýäsi milli buýsanjymyza öwrülip, sagdyn we uzak ýaşamagyň syryny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň aglaba bölegini tutýan Garagum sährasynda suwsuzlyga, tomsuň epgekli jöwzasyna, gyşyň aňzakly sowugyna çydamly ösümlikler ýaşaýar. Ynsan saglygynda peýdaly bu ösümlikler barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan—melhemler mekany» atly kitaplarynda täsirli maglumatlar bar.

Güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümlikleri hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplarda dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ugurlary salgy berilýär. Kitaplarda ösümlikleriň her biriniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada anyk we doly maglumatlaryň berilmegi ekobotanika ugruna gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň has-da köpelmegine täsir etdi.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.