Deňizçi atamyň wesýeti

13 Ýanwar 2021
1735

Atam 1962 — 1966-njy ýyllarda, dört ýyl Ýuwaş ummanynda harby gullukda bolupdyr. Ol harby-nyzam, syýasy we söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmekde, soňundan buýsanyp ýatlarlyk, göreldeli gulluk edipdir. Atam ýaşlyk hyjuwy bilen gulluk eden döwri barada bize gürrüň bereninde, gullukdaşlary Balkanabat şäherinden tehniki ylymlaryň kandidaty Nurberdi Mämesow, Änew şäherinden Nazarguly Rejebow ýaly merdanalar bilen Harby-deňiz goşunynda gulluk etmegiň nusgasyny görkezip, hemişe öň hatarlary eýeländikleri dogrusynda kän aýdardy.

Atamyň bu hakyky harby-durmuş mekdebinde görkezen gujur-gaýraty harby deňizçi bolup gulluk etmegimde berk watançylyk sargydy, baş wesýetidir. Mähriban Watanymyzy, il-halkymyzy jan-dilden söýmekde, gullukdaşlarymyz bilen jebisleşip, Watana wepaly ýurt goragçylary bolup ýetişmegimizde edermen atalarymyzyň şöhratly ýoly biziň üçin hemişe görelde mekdebi bolup galar.

Muhammetmyrat KÖMEKOW.