Zähmetsöýerlik - bagtyň gözbaşy

13 Ýanwar 2021
2120

Zähmet adamyň öz-özüni ykrar etmegidir, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň gözbaşydyr. Halal we päk zähmet baýlygyň çeşmesidir, bagta ýetmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Hut şonuň üçin-de çagalarda zähmetsöýerligi terbiýelemek maşgalanyň we okuw-terbiýeçilik edaralarynyň esasy wezipesidir, jemgyýetçiligiň öňündäki borjudyr. Zähmetsöýerligi terbiýelemegiň usullary we ýollary saýlanylanda kämil şahsyýetiň göreldesini, nusgalyk zähmet ýoluny öwrenmek hem-de wagyz etmek maksadalaýyk we netijeli bolar. Çünki perzent ýalan-ýaşryk öwüde däl-de, göreldä mätäçdir. Şonuň üçin-de terbiýäniň ýagşysy-da göreldedir. Diňe göreldeli maşgalada kemally perzent, görnükli şahsyýet ýetişýär.

Hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly aganyň zähmet ýoly bilen tanşanymyzda zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen bu beýik ynsanyň durmuş ýolunyň ýaş türkmenistanlylar üçin hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň, maksadaokgunlylygyň, halallygyň, jogapkärçiligiň kämil nusgalyk ýoludygyna göz ýetirýäris. Mälikguly Berdimuhamedowyň uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmeti, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly hyzmatlary, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly aganyň gulluk eden döwründe ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy we «Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.