Özgerişler ýörelgesi

13 Ýanwar 2021
2876

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mähriban Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan belent netijeleri has-da ösdürmekde yhlasly işlemegini dowam etdirýär.

Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy dabaraly bellenilip geçildi. Şeýle hem bolçulygyň we zähmet ýeňişleriniň görkezijisi bolan Hasyl toýy uludan tutuldy. Şeýle bol hasyly ýetişdirmekde berýän ýardamlary, döredip berýän şertleri, aýratyn-da, halal zähmetiň rehnedini görüp ýaşalýan parahat, asuda durmuş üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bu toýa uly zähmet ýeňişleri bilen gelen babadaýhanlarymyzyň diliniň senasy boldy.

Annajemal ORAKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.