Bileniň baýlygyň

13 Ýanwar 2021
1520

Çopanyň eşegi ýaly

Aňzakly, garly gyş gijeleri çöl dym-dyrslyk bolýar. Şeýle agşamlarda gijegezer guşlaram yňkyny çykarmaýar. Çopan aga sürini kaşara, agyla, juda bolmasa, ykyşak oýtaga gabap, oduny belentden gallar. Açlyga, aýaza çydap bilmeýän möjekler ýogyn-ýogyn uwlaşyp, ilki süriniň itlerini barlar. Özlerine jogap edip üýrýän itleriň sesinden olaryň sanyny, ýaşyny-ýortmanlygyny, garrylygyny, gorkaklygyny-mertligini, «aldajyň” barlygyny-ýoklugyny biler. Onsoň “ölsem-öleýine” salyp hüjüme geçer. Gurduň ýakyn gelenini ilki çopanyň eşegi biler. Ýatan ýerinden tapyrdap howlukmaç turar-da, aňňyrmaga gorkup, hynçgyryp ýa süriniň ortasyna özüni urar, ýa çopanyň çertegine kellesini sokar. Turjak söweşden gorkup özüni nirä urjagyny bilmän özem aljyrar, töwereginem ýaga salar. Başga wagt ümsümje, gulagyny sallap duran eşek, şeýle wagt ot gapdyrar.