Kitap — Ruhy hazyna

11 Ýanwar 2021
2229

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň neşir edilmegi ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilen ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda eýeleýän orny has-da pugtalandy. Bu bolsa döwlet ähmiýetli çözgütleriň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkymyzyň köpasyrlyk däplerinden ugur almak bilen kabul edilýändigine şaýatlyk edýär.

Halkymyzyň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiziň ajaýyp edebi — filosofiki eseriniň neşir edilmegi umumadamzat medeni hazynanyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat eder. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen parasatly pähimleriniň dürdänelerini özünde jemleýän eseriň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyza gowuşmagy häzirki we geljekki nesilleriň ýörelgeleriniň hem-de ahlak sütünleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Many-mazmuny babatynda bahasyna ýetip bolmajak «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby hormatly Prezidentimiziň örän gymmatly halk döredijiligini we ruhy gymmatlyklary yzygiderli toplandygyny, içgin öwrenendigini doly aýan edýär.

Aýsona GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.