Dünýäniň ajaýyp stadionlary

11 Ýanwar 2021
2131

Paýtagtymyzyň görki

Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 20 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik bar. Bu ýerde woleýbol, basketbol, bouling, agyr atletika, boks, fitnes, gimnastika ýaly sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen jemi 17 sany türgenleşik zaly, çagalara we ululara niýetlenen howuzlar hereket edýär. «Aşgabat» stadionynda dürli sport ýaryşlary hem üstünlikli geçirilýär.