Bir gün duza — müň gün salam

11 Ýanwar 2021
2883

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin senagatyň köp pudaklarynyň binýady bolup hyzmat edýän tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýeti juda uludyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kombinatynda çykarylýan nahar we tehniki duzlar hem ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Hazar deňziniň demirgazyk ýakasyndaky aýlagyň kenarynda ýerleşýän, ýurduň himiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan bu kombinatda gazylyp alynýan duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Tutuş Diýarymyzda bu mukaddes önümiň ähli möçberlerini taýýarlaýan bu kärhanada geçen ýyl gazylyp alnan duz 94,6 müň tonnadan hem geçirilip, meýilnama 102 göterime golaý amal edildi. Şonuň 84,1 müň tonnadan hem gowragy däneli duzlardyr. Gürrüňi edilýän ýylda taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi bolsa 20 müň tonna golaýlady.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).