Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hi

16 sagat öň
20

1998-nji ýylyň 28-nji no­ýab­ryn­da Aýaz­ba­ba­nyň oba­syn­da (Jou­lu­pu­kin Pa­ja­ky­lä) ady­bir Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hi açyl­ýar. Bu dynç alyş we güý­men­je mer­ke­zi Finl­ýan­di­ýa­da­ky iň go­wy se­ýil­gäh­le­riň bi­ri­dir. Ark­ti­ka te­ge­le­gin­de ýer­leş­ýän bu se­ýil­gäh Aýaz­ba­ba­nyň go­wak­da­ky ota­gy­na meň­ze­di­lip, ga­ýa­la­ryň için­de gur­lup­dyr. Dür­li me­de­ni­ýet­ler­de Aýaz­ba­ba­nyň Lap­lan­di­ýa ül­ke­sin­de ýa­şa­ýan­dy­gy be­lle­nil­ýär. Ça­ga­la­ryň Tä­ze ýyl baý­ra­myn­da­ky gah­ry­ma­ny ha­ky­kat­da ýok hem bol­sa, Aýaz­ba­ba­nyň oba­syn­da bü­tin dün­ýä­niň ça­ga­la­ryn­dan hat ka­bul ed­ýän poç­ta we se­ýil­gäh bar. Bu oba Finl­ýan­di­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Lap­lan­di­ýa se­bi­ti­niň mer­ke­zi şä­he­ri Ro­wa­nie­mi­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar Ro­wa­nie­mi şä­he­ri­ne Aýaz­ba­ba bi­len gö­rüş­mek üçin gel­ýär­ler. Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hin­de adat­ça, Aýaz­ba­ba de­giş­li zat­lar sak­la­nyp, bu ýer Tä­ze ýyl däp-des­sur­la­ry­ny, şeý­le-de lap­land me­de­ni­ýe­ti­ni we te­bi­ga­ty­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len gur­lup­dyr.

Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hin­de kör­pe­je myh­man­la­ra Aýaz­ba­ba­nyň şe­ki­lin­dä­ki «Gin­gerb­re­ad’s Gin­gerb­re­ad» at­ly kö­ke­jik­ler hö­dür edil­ýär. Ça­ga­lar «Buz ga­le­re­ýa­sy» at­ly bö­lüm­de buz şa­za­da­sy bi­len gö­rüş­ýär­ler hem-de poç­ta bö­lü­min­den ýa­kyn­la­ry­na Tä­ze ýy­ly­ny gut­lap hat iber­ýär­ler. Se­ýil­gä­hiň «Can­dy­bar», «Ja­dy­ly ot­ly», «Ko­ta» ka­fe­si, Elf­le­riň mek­de­bi we se­net­çi­lik zo­la­gy bö­lüm­le­ri bu ýe­re ge­len­ler­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ýar. Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hin­de, esa­san, ak­ro­ba­tik şü­we­leň­ler – «Ja­dy­ly Rož­dest­wo» çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­ýär.