Dün­ýä­niň iň dik ta­nap ýo­ly

16 sagat öň
10

Şweý­sa­ri­ýa­nyň Bern şä­he­rin­de Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­de dün­ýä­niň iň dik as­ma ýo­ly açyl­dy. Ýo­lag­çy­la­ry dag ete­gin­den Şilt­horn be­lent­li­gi­ne çy­kar­ýan as­ma ýol tä­sin in­že­ner­çi­lik des­ga­sy ha­sap­lan­ýar. As­ma ýol­da je­mi üç dü­şel­ge bar. Ozal Şe­hel­berg-Mýur­ren-Birg-Şilt­horn ara­ly­gyn­da­ky sy­ýa­hat 32 mi­nut­da ge­çil­ýän bol­sa, in­di ýo­lag­çy­lar bu ara­ly­gy 18 mi­nut­da ge­çer­ler. As­ma ýol­da her bi­ri 85 orun­lyk ka­bi­na­lar bar. Ýo­lag­çy­lar de­pä­niň çür de­pe­si­ne ýe­ten­le­rin­de 1969-njy ýyl­da dü­şü­ri­len «Jeýms Bond: Onuň Aly­hez­ret­le­ri­niň giz­lin gul­lu­gy» ki­no­sy bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan aý­lan­ýan res­to­ra­ny gö­rer­ler.

Bern­li bi­na­gär Kon­rad Wolf ta­ra­pyn­dan di­zaýn edi­len, dün­ýä­niň il­kin­ji aý­lan­ýan res­to­ra­ny diý­lip ka­bul edil­ýän bu res­to­ra­nyň myh­man­la­ry otu­ran ýer­le­rin­den daş-tö­we­re­gi 360 de­re­je­de syn­lap bil­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, bu as­ma ýol Alp dag­la­ry­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­ne syn et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.