Sag­lyk – baş baý­lyk

16 sagat öň
15

Ýur­du­my­zda sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän ka­da­la­ry or­naş­dyr­mak, şol san­da sport bi­len meş­gul­lan­mak we beý­le­ki ugur­lar bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak ýa­ly iş­ler ile­ri tu­tul­ýar. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen ugur­la­ryň bi­ri hem ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, sport he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mek­dir. Şun­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny, saglyk bo­ýun­ça baş mak­sat­na­ma­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ähli ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da hem uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, be­lent üs­tün­lik­le­re ýe­til­ýär. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2024-nji ýyl­da hem bu ul­gam­da örän uly iş­ler durmuşa geçirildi. Dün­ýä ülňülerine do­ly la­ýyk gel­ýän 250 orun­lyk Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň we 400 orun­lyk Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aýdyň su­but­na­ma­sy­dyr.