Ýaşaýşa ýaraşyk berýän tutumlar

22 sagat öň
50

Gurmak, döretmek, guran hem döreden mukaddesliklerine buýsanyp ýaşamak halkymyza mahsus häsiýetlerdir. Zähmetsöýer halkymyz bu gün öz parasatly döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri hem daşary syýasatyna tüýs ýürekden uýmak bilen, Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň bähbidine nusgalyk işleri amala aşyrmagy başarýar. Bu buýsançly hakykata «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak syýasatynda Balkan welaýatyna aýratyn orun degişlidir. Diňe tamamlanyp barýan ýylda sebitde öndürilen 20 milliard manatlyga barabar senagat önümleriniň deň ýaryndan gowragy, bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen 10 milliardlyga barabar işiň 90 göterimden gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Welaýatda elektrik energiýasyny öndürmekde, uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemekde, oba hojalyk önümlerini taýýarlamakda-da guwandyryjy netijeler gazanyldy. Geçen galla oragy möwsüminde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň 200-sini sowgat bermegi welaýatyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny belende göterdi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.