Bir günde iki kubok

19 sagat öň
29

Hakykatdan hem, şeýle boldy. Arkadag şäheriniň adybir futbol topary 23-nji dekabrda geçirilen final duşuşygynda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Şol gün duşuşygyň geçirilen ýerinde ― paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň çempionatynyň öňdebaryjylaryna hem kubokdyr medallar gowşuryldy. «Arkadag» topary milli çempionatymyzdaky çempionlygy üçin hem kubok bilen sylaglanyldy.

Şeýlelikde, ýaňy bir iki ýaşyny dolduryp barýan topar 2024-nji ýylyň futbol möwsüminde gazanyp boljak üç kubogyň ikisine eýe boldy. Geljek ýylda bolsa şu möwsümiň jemleri boýunça Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.