Hyrydarly harytlar

1 gün öň
26

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda bazara gelýän alyjylara bereket-bolçulygy alamatlandyrýan ýokary hilli önümlerdir harytlar hödürlenilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ak bazarlaryň we dükanlaryň haryt bolçulygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2025-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda berekede beslenýän ak bazarlara we dükanlara baranyňda daýhanlarymyzyň bereketli türkmen topragynda ýetişdiren, ekologik taýdan arassa gök-bakja önümleriniň, olaryň gaýtadan işlenen görnüşleriniň, et, balyk, süýt we çörek önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň elýeterli bolmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Ak bazarlara baranyňda eşidilýän, «Gökderäniň almasy», «Bagyr obasynyň narpyzy, reýhan oty», «Gökdepäniň gök önümleri», «Nohuryň pomidory», «Baharlynyň garpyzy», «Garrygalanyň nary, hozy, injiri ýa-da böwürsleni», «Gäwersiň üzümi ýa-da garpyzy», «Tejeniň waharmany», «Lebabyň gülabysy», «Köýtendagyň arnaby», «Daşoguzyň garrygyz gawuny», «Sarahsyň pissesi» ýaly mahabat sözleri türkmen topragynyň berekedine bolan ýürekleriň töründäki buýsanjy oýarýar» diýip nygtalýar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.