Ýaşlara ylym-bilim ýaraşýar

7 Ýanwar 2021
2000

Ýaşlar — uly güýç. Olaryň bilimli, hünärli, ýokary watançylyk, ruhy ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň girewidir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmekleri üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny ýokarlandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaşlarda okamaga, döretmäge, gurmaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Bu bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri bolsa, talabalaýyk ýola goýulýar.

Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilip, ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Zehinli ýaşlarymyz nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary babatda netijeli işleri geçirýärler.

Begmyrat MYRATMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.