Edepli ile ýarar

1 gün öň
29

«Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edepli ile ýarar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly nakyllary döreden pederlerimiz ynsan durmuşynda edep-terbiýäniň örän wajypdygyna uly ähmiýet beripdirler. Onuň ylym-bilim, hünär öwrenmek bilen utgaşdyrylmagy öz miwesini beripdir. Netijede, asylly, edepli, ylymly, hünärli nesil kemala gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze taryhy döwürde bu ýörelgeleriň has-da rowaçlanmagy ýaş nesiller barada edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hem edep-terbiýe hazynasydyr. Hut şonuň üçinem pähim-paýhasyny şygyrlaryna siňdiren akyldaryň edebi döredijiligi nesilleriň öçmejek aýdymyna öwrüldi. Söz ussady terbiýe meselesine ýüzlenmek bilen, ilhalar, mert, halal, asylly ogul-gyzlaryň her bir ojagyň daýanjydygyny aýratyn nygtaýar. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, dogruçyllyk, adamkärçilik baradaky sünnälenen setirler ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmeginde özboluşly mekdep bolup çykyş edýär. «Ýagşy söze gulak salgyl», «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar», «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez» diýen ussat şahyr her ynsanyň, aýratyn-da ýaş nesliň adamkärçilikli we edepli bolmagyny ündemek bilen, bu häsiýetleriň durmuşa ýagty saçýandygyny aýdypdyr.

Annabibi MUSSAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.