Döwletli tutumlar rowaç alýar

24 Dekabr 2024
74

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, tutuş ýurdumyz babatda bolşy ýaly, gadymy Ahal ýaýlasyny-da ajaýyp ösüş-özgertmelere besledi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň bu sebitinde şu ýyl amala aşyrylan giň gerimli oňyn işler, şol sanda gurlup ulanylmaga berlen täze, döwrebap binadyr desgalar göwnüňi galkyndyrýar. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň depginini artdyrmakda, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň ösüşini pugtalandyrmakda, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda bu işleriň ähmiýeti iňňän uludyr.

Ösüş-özgertmelere beslenen şanly ýylda welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanyşa berilmegi guwançly wakalaryň üstüni ýetirdi. 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäherinde gurlan Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasy Ahal welaýatynda şu ýyl açylan ilkinji desga boldy. Watan goragçylarynyň gününe gabatlanyp işe girizilen döwrebap desga ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň dabaralanýandygynyň özboluşly alamatydyr. Şeýle maksatly desgalaryň biri şanly ýylymyzyň sentýabrynda welaýatyň Babadaýhan etrabynyň merkezinde hem açyldy.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan».