Demokratik ýörelgeler berkidilýär

23 Dekabr 2024
63

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizi yzygiderli ösdürmekde, milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler dowamly amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenen kadalaryň agramly bölegi ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilýär. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň we raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyz bu Jarnamada berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär. Bu Jarnama 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji mejlisinde kabul edildi. Jarnama adamyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň beýan edilen binýatlaýyn halkara resminamasy bolup durýar. Ählumumy Jarnamanyň şeýle möhüm ähmiýete eýedigi göz öňünde tutulyp, 1950-nji ýyldan bäri BMG-niň ýörite çözgüdi esasynda her ýylyň 10-njy dekabry «Adam hukuklarynyň güni» diýlip yglan edildi.

Bilbil ÝOSYÝEWA,
Adalatçynyň diwanynyň Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüminiň baş maslahatçysy.