Bir hekaýanyň taryhy

23 Dekabr 2024
84

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 250 ýyllygyna taýýarlyk görülýän döwürdi. Has dogrusy, bir müň dokuz ýüz segsen üçünji ýylyň başlarydy. Şol günleriň birinde ýanyma köne dostlarymyň biri, zehinli žurnalist hem-de ýazyjy Wladimir Pu salama geldi. Ýaş nesliň okyjylary ony, megerem, onçakły tanaýan däldir. Şondan ötri, gadyrdan ülpedimiň gysgajyk terjimehalyna ýüzlensem, barysy aýyl-saýyl bolsa gerek.

Polady ýumşak, her taraplaýyn sowady ýetik Wolodýa garynjany hem ynjytmajak diýilýänlerdendi. Ol «Aşhabad» žurnalynda işleýärdi. «Edebiyat we sungat» bilenem gatnaşyk saklardy. Onuň hekaýalaryny, makalalaryny, oçerklerini, köplenç, özüm türkmen diline geçirerdim. Wolodýanyň žurnalist hökmünde ülkämizde aýak basmadyk ýeri ýok diýerlikdi. Ol Türkmenistany, türkmen durmuşyny içgin öwrenýärdi. Türkmen tebigaty, türkmen dünýäsi bilen baglanyşykly kitaplary-da okap çykypdy.

Çary GELDIMYRADOW.